Biz barada
Welcome to Damla Cargo
Damla cargo 2024-nji ýylda esaslandyrylan we logistika çözgütlerini hödürleýän öňdebaryjy kompaniýa. Türkmenistanyň her künjeginden müşderilerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen hyzmat çemeleşmesi bilen bu pudakda berk orun gazanmagy maksat edindi. Damla cargo hökmünde logistika zerurlyklaryňyzy kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli, ynamly we innowasion çözgütleri hödürleýäris. Müşderiniň kanagatlanmagyny hemme zatdan ileri tutup, her bir müşderimiz üçin ýörite çözgütleri taýýarlamaga we zerurlyklaryna laýyk gelýän hyzmaty bermäge maksat edinýäris.
Görüşimiz
Logistika pudagynda müşderilerimiziň isleglerini has ýokarda goýmak bilen pudakda öňdebaryjy bolmak; Tehnologiki täzeliklere eýerip, hyzmatlarymyzyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak we dünýäde bäsdeşlik edýän kompaniýa hökmünde tanalmak.
Biziň wezipämiz
Damla cargo hökmünde biziň wezipämiz müşderilerimize iň ýokary standartlaryň logistik çözgütlerini bermek; Işewür hyzmatdaşlarymyzyň ynamly we tiz wagtda eltip bermegi bilen iş amallaryny ýeňilleşdirmek; Daşky gurşawy goramak ýörelgesi bilen hereket edip, durnukly geljege goşant goşmak.
124
kargo nokadymyz
25
işgär sanymyz
+1000
gowuşurylan kargolar
Damla cargo hökmünde, her bir müşderimiz bilen uzak möhletleýin iş gatnaşyklaryny alyp baryp, ynam esasly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýäris. Damla cargo bilen işlemek arkaly logistika amallaryňyzy ynamly dolandyryp bilersiňiz.
(Biziň gymmatlyklarymyz) Näme üçin damla cargo?
Her bir müşderi üçin
Müşderilerimizin isleglerine düşünmek we olara ýörite çözgütler bermek.
Hil
Her tapgyrda ýokary derejäni we ynamly üpjün etmek üçin ýokary standartlary saklamak.
Innowasiýa
Tehnologiýany ýakyndan yzarlamak arkaly innowasiýa çözgütlerini yzygiderli ösdürmek.
Daşky gurşaw jogapkärçiligi
Daşky gurşawy goramak ýörelgesi bilen hereket edip, durnukly geljege çalyşmak.
Aç-açanlyk we ynamlylyk:
Açyk we dogruçyl aragatnaşyk arkaly müşderiniň ynamyny üpjün etmek.